Turkmenportal logo
14.04.22
45294529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mançester Siti» we «Liwerpul» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda!
«Mançester Siti» we «Liwerpul» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda!

Çarşenbe güni (13-nji aprel) «şäherliler» Madridiň «Atletikosynyň» arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. Iki toparyň arasyndaky birinji duşuşykda «Mançester Siti» garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňipdi.


Ugurdaş duşuşykda bolsa ozal «Benfikany» Portugaliýada 3:1 hasabynda ýeňen «Liwerpul» bu gezek garşydaşy bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady.


Ispaniýanyň «Wilýarreal» we «Real» klublary bolsa ýarym finaldaky ýerini 12-nji aprelde berkidipdi.


Şeýlelikde, ýarym finalda «Maçester Siti» «Real» bilen, «Liwerpul» bolsa «Wilýarreal» bilen duşuşar.


Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 26-njy we 27-nji aprelde, jogap duşuşyklary 3-nji hem-de 4-nji maýda geçiriler.