Top.Mail.Ru

Arhiw

“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler

17:1013.04.2022
0
1745
“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler
Surat: tv.pgtrk.com

Rus kinorežissýory Wladimir Menşowyň “Söýgi we kepderiler” («Любовь и голуби») atly komediýasy 21-nji aprelden başlap, Russiýanyň kinoteatrlarynda gaýtadan görkeziler, bu barada “Mosfilm” kinostudiýasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, “Izwestiýa” ýazýar.

Habarda gaýtadan ekranlara goýberilmezden öň filmiň sesiniň we reňkleriniň gowulandyryljakdygy aýdylýar.

Film 1984-nji ýylda Wladimir Gurkiniň adybir pýesasy esasynda surata düşürildi. Onda baş gahryman — kepderi köpeltmek bilen meşgullanýan Wasiliý ilkinji gezek deňze dynç almaga gidýär we ol ýerde bir zenan bilen tanşyp, maşgalasyny terk edýär. Emma ol soňra maşgalasyny küýsäp başlaýar.

Filmde Lýudmila Gurçenko, Nina Doroşina, Aleksandr Mihaýlow, Sergeý Ýurskiý ýaly görnükli rus aktýorlary surata düşdüler.

Öň rus kinoteatrlarynda “Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär” («Иван Васильевич меняет профессию»), “Gulluk romany” («Служебный роман»), “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” («Москва слезам не верит») ýaly meşhur filmler gaýtadan görkezildi.

18-nji martda “Mosfilm” konserni çeper filmleriň 12-sini gaýtadan prokata goýbermegi teklip etdi, olaryň ählisi-de ses we şekil taýdan abatlandy.

Öň dünýäniň Warner Bros., Paramount, Universal we Disney studiýalary öz filmlerini rus prokatynda görkezmekden ýüz öwürýändigini yglan edipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň