Soňky habarlar

Arhiw

Putin Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:3308.04.2022
0
6465
Putin Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Surat: vesti.az

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Gutlag haty Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web saýtynda ýerleşdirildi.

Biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we özara hormat goýmagyň oňyn däplerine daýanyp, bize geçen onýyllyklarda döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak başartdy — diýip, Wladimir Putin gutlag hatynda belläp geçýär.

Putiniň pikiriçe syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazarda howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň maksadyna eýerýär — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti belleýär.

Wladimir Putin türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa jan saglyk hem-de üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň