Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlyk toparyň täze düzümini tassyklady

23:3107.04.2022
0
6408
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlyk toparyň täze düzümini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Habarda «Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen degişli resminama gol çekildi» diýlip bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen tarapynyň başlygynyň wezipesini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowa tabşyrandygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň