Žan-Klod wan Damm Kongo döwletiniň diplomatik pasportynyň eýesi boldy

17:5607.04.2022
0
4895
Žan-Klod wan Damm Kongo döwletiniň diplomatik pasportynyň eýesi boldy
Surat: filmpro.ru

Amerikan aktýory Žan-Klod wan Damm Kongo Demokratik Respublikasynyň ilçi pasportyny alandygyny buşlady. Ol ýurtda ekologiýa we oba hojalygyna maýa goýmak işine ýardam bermek bilen meşgullanar diýip, Actualite neşiri ýazýar diýip, MIR24 habar berdi.

“Men bu ýurda durnuklylygyň gerekdigine düşündim. Heniz syýasy jikme-jiklikleri aýdyp durmaýyn. Men eýýäm ýurduň Prezidentinden we onuň ýakynlaryndan köp zat babatda habarly edildim” diýip, aktýor aýtdy.

Wan Damm indi egindeşleri Silwester Stallone, Arnold Şwarsenegger, Jeki Çan ýaly kinoaktýorlary we beýleki şüweleň telekeçiligi hem-de sport ýyldyzlaryny Kongo Demokratik Respublikasyna syýahat etmäge çagyrmak isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň