Soňky habarlar

Arhiw

«Willareal» Çempionlar ligasynda «Bawariýadan» üstün çykdy

09:3007.04.2022
0
2542
«Willareal» Çempionlar ligasynda «Bawariýadan» üstün çykdy

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ispaniýanyň «Willarealy» öz meýdançasynda Mýunheniň «Bawariýasyndan» üstün çykdy.

Willarealda geçen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda ýeke-täk goly 8-nji minutda Arno Gruneweld geçirdi. Duşuşygyň barşynda Fransis Koklen «Bawariýanyň» derwezesine ikinji goly hem geçirdi, emma emin oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli ony hasaba almady.
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň jogap duşuşygy 12-nji aprelde «Bawariýanyň» meýdançasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň