Soňky habarlar

Arhiw

«Real» «Çelsini» Benzemanyň het-trigi bilen ýeňdi

09:1007.04.2022
0
2127
«Real» «Çelsini» Benzemanyň het-trigi bilen ýeňdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda «Çelsi» bilen «Realyň» arasynda geçirilen duşuşyk «gaýmakreňklileriň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda «Realyň» 3 golunam fransiýaly hüjümçi Karim Benzema geçirdi. «Çelsiden» bolsa diňe bir gezek Kaý Hawers tapawutlanyp bildi.

Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 12-nji aprelde Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň