Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň futzal ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

21:3205.04.2022
0
5648

Şu gün Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Daşkent şäherinde Özbegistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk garşydaş ýygyndynyň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmen tarapynyň haýyşy boýunça ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysynyň gollaryny Dilşod Rahmatow, Muzaffar Ahatjonow, Ilhom Hamroýew we Daler Eşankulow geçirdi.

Şondan bir gün türkmen futzalçylarynyň Daşkentiň «Bunýodkor» topary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Daşkentden Bişkek şäherine gider. 10-njy aprelde başlanjak saýlama tapgyrda biziň ildeşlerimiziň ilkinji garşydaşy Gyrgyzysytanyň ýygyndysy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň