Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy

23:5003.04.2022
0
6248

Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurduň dürli künjeklerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.

Tejen şäherinde täze açylan dermanhanada Türkmenistanda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölüm we ammar jaýy bar.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana sanly ulgama birikdirildi. Degişli maslahatlary almak isleýänler üçin sorag-jogap gullugy hereket edýär.
Bu ýerde dermanlyk serişdeleriň söwdasy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrylýar.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy-lukmanlar we weterinarlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu ýerde satyn alnan dermanlary eltip bermek hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň