Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna bir hepde öňünden ugrady

16:5902.04.2022
0
10513

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrunday ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin şu gün Gyrgyzystana ugrady. Bu barada «Türkmen Sport» habar berýär.

Irdenki gatnaw bilen Aşgabatdan Türkmenabada gelen ýygyndymyzy gündogar sebitdäki Halkara howa menzilinde TFF-niň ýerli wekili Kamil Priýew garşylady. Milli ýygyndymyz bu ýerden Farap gümrük nokady arkaly Özbegistana geçdi. Olar soňra ýaryşyň geçjek ýerine Gyrgyzystana ugrar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aziýa kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynda «A» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy şu ýylyň 10-njy aprelinde geçirilip, ol Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar. Ýygyndy toparymyzyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bolar.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysy ikinji oýnunda Eýranyň (11-nji aprel, 16:00), üçünji tapgyryň duşuşygynda bolsa Maldiwleriň (12-nji aprel, 16:00) ýygyndylary bilen duşuşar.

Türkmen futzalçylarynyň ýaryşyň başlanmazyndan bir hepde gowrak öň onuň geçiriljek ýerine barmagy türgenleşikleriň netijeliligini artdyrar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitde geçiriljek saýlama ýaryşyna gatnaşar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar toparçalaryň ikisinde bäsleşer. Saýlama ýaryşlary merkezleşdirilen görnüşde Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň