Turkmenportal logo
01.04.22
2457324573
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini garşylady
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini garşylady

«Türkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu gün günüň ikinji ýarymynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind döwlet sapary bilen Aşgabada geldi. Hormatly myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow garşylady.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň hormatyna hormat garawuly düzüldi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhmanyny mähirli garşylady we bu ýerde resmi garşylamak dabarasy guraldy. Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy.


Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti sapary döwründe öz üçin niýetlenen «Ýyldyz» myhmanhanasyna ugrady.


Ertir – 2-nji aprelde ýokary derejede türkmen-hindi gepleşikleri geçiriler. Onda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar, birnäçe resminamalara gol çekiler.