Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapar bilen gitdi

14:5001.04.2022
0
10155

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ilkinji gezek Türkmenistana döwlet sapar bilen ugrady. Bu barada hindi Lideriniň twitter sahypasynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri ýokary derejeli gepleşikleriň birnäçesini geçirerler. Olaryň dowamynda maliýe we ykdysadyýet, medeniýet, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda ýaşlar syýasatyny ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe resminamalara gol çekiler.

Mundan başga-da, hindi Lideriniň Türkmenistana bolýan ilkinji saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli poçta markasyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Şri Arindam Bagçi resmi wekili saparyň öňüsyrasynda metbugat üçin guralan brifingde belläp geçdi.

Kowindiň resmi saparynyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda Hindistanyň Türkmenistana berýän ähmiýetini ýene bir gezek tassyklajakdygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň