Soňky habarlar

Arhiw

Wan I Raşid Meredowy kabul etdi

23:5530.03.2022
0
6219
 Wan I Raşid Meredowy kabul etdi
surat: fmprc.gov.cn

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar. Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň saparyň çäklerinde Anhuai welaýatynyň Tunsi şäherinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

HHR-iň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Wan I eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara ýagdaý nähili bolsa-da, Hytaýyň Türkmenistan üçin hemişe ygtybarly hyzmatdaş we iň gowy dostdugyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Hytaý tarapy geljegi uly bolan, dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegi üçin Türkmenistan bilen işleşmäge hemişe taýýardyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministri eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýollan salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallasy bilen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny belledi. Nebitgaz pudagynda ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyga iki döwlet hem aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Hytaýy energetika ulgamy boýunça iň esasy strategik hyzmatdaşy hasaplaýar.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Gazagystanyň şu ýyl «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşinde daşary işler ministrleriň sammitini geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Duşuşygyň dowamynda owgan meselesi barada hem pikir alşyldy. Taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň şertlerinde yzygiderli ýokarlandyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň