Turkmenportal logo
29.03.22
58295829
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýoldaşlyk duşuşyklarynda Belarus Bahreýnden üstün çykdy, Bangladeş bilen Mongoliýa deňme-deň oýnady
Ýoldaşlyk duşuşyklarynda Belarus Bahreýnden üstün çykdy, Bangladeş bilen Mongoliýa deňme-deň oýnady

Şu gün Er-Rifa-eş-Şarki şäherindäki Bahreýn milli stadionynda Bahreýniň we Belarus Respublikasynyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini birinji ýarymda ýarym goragçy Andreý Soloweý geçirdi.


Şu gün Bangladeş bilen Mongoliýanyň ýygyndylarynyň arasynda hem ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda hasap açylmady.


Ýoldaşlyk duşuşyklary bilen milli ýygyndylarynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna taýýarlanýandygyny ýatladýarys.


Bahreýniň we Bangladeşiň ýygyndylary türkmen futbolçylarynyň saýlama tapgyrdaky garşydaşlarydyr. «E» toparçada bu üç ýygyndydan başga-da, Malaýziýanyň futbolçylary hem bar. Saýlama duşuşyklar 8, 11 we 14-nji iýun günlerinde merkezleşdirilen görnüşde Malaýziýada geçiriler.