Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza bermek işine başlady

13:0529.03.2022
0
47995

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi web saýtynda Türkmenistanyň raýatlary, şeýle-de ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan adamlar üçin ähli kategoriýalara wiza bermek boýunça işiň gaýtadan dikeldilendigini mälim etdi.

Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2022-nji ýylyň 16-njy martyndaky 513 belgili we şu ýylyň 17-nji martyndaky 522 belgili kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna we Türkmenistanda wagtlaýyn ýaşamak hukugy bolan üçünji ýurduň raýatlaryna Russiýa Federasiýasy üçin wizanyň ähli görnüşleri babatda resmileşdirmek işleriniň täzeden ýola goýlandygyny hem habar berýär.

2022-nji ýylyň 28-nji martyndan başlap, raýatlar «Russiýa Federasiýasyna wiza almak üçin resminamalary kabul etmek» we «garaşmak sanawy» hyzmaty üçin q.midpass.ru web sahypasynyň üsti bilen ýazylyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, her bir adam üçin «garaşmak sanawynda» diňe bir ýazgy elýeterli bolar, dublikat ýüz tutmalar programma ulgamy tarapyndan awtomatiki usulda aýrylýandygy barada habarda bellenilýär.

Mundan başga-da, ilçihana öz bildirşinde raýatlaryň Russiýa Federasiýasyna wiza alnan halatynda hem Türkmenistandan gitmek üçin degişli edaralardan rugsat alynmalydygy belleýär.

Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa girmek üçin wizalaryň berilmeginiň 2020-nji ýylyň mart aýdynda togtadylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň