Britaniýanyň kenarynda syrly jandaryň jesedini tapdylar

15:1825.03.2022
0
5854

Güýçli suw joşmasyndan soň, Britaniýanyň Mersisaýdynda ýerleşýän deňziň kenaryna syrly jandaryň jesedi çykdy. Ýerli ýaşaýjy Ien Kettle öz iti bilen deňiz kenarynda gezim edip barýarka, adaty bolmadyk bir jandaryň jesediniň üstünden bardy. Näbelli jandaryň uzynlygy takmynan 180 santimetre barabar.

Ýerli daşky gurşaw gullugynyň berýän maglumatynda: «Görnüşinden bu jandar Liwerpul aýlagynda we Seftonyň kenarynda seýrek görünýän delfinleriň bir görnüşidir» diýlip bellenilýär. Mir24-iň habar bermegine görä, hünärmenler näbelli jandar barada entek gutarnykly belli bir netijä gelmeýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň