Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda geçen Halkara sergide türkmen we başgyrt kärhanalary hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

20:5722.03.2022
1
12717
Gazagystanda geçen Halkara sergide türkmen we başgyrt kärhanalary hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar
Surat: mgazeta.com

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny özünde jemlän «AgriTek/FarmTek Astana-2022» Halkara sergisi geçirildi. Oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň 11-isinden 200 töweregi kompaniýa gatnaşdy. Türkmenistandan gatnaşan wekiliýet işewürlik maksatlarynyň çäklerinde Başgyrdystanyň we Gazagystanyň wekilleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ugurlary barada pikir alyşdy diýip, «Молодежная газета» neşiri habar berýär.

Başgyrdystanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Margarita Bolyçewanyň belleýşi ýaly, sergide respublikanyň wekilleriniň esasy wezipesi işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we halkara jemgyýetçiligi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň