Daşkentde Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa halkara ýük daşamalaryny guramak maslahatlaşyldy

15:2222.03.2022
0
13147

Daşkentde geçirilen duşuşykda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden we Hytaýdan Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Kawkaz ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşamalaryny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Кыргыз темир жолу» döwlet kärhanasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Aziýa-Ýuwaş ummany — Hytaý — Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa halkara ýoly boýunça harytlaryň üznüksiz daşalmagyny we nyrh koridoryny guramak bilen bagly ylalaşyk gazanyldy.

Ulag-üstaşyr geçelgesiniň işe girizilmegini has tizleşdirmek we ugur boýunça hereketi guramak bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmek boýunça iş topary döredildi.

Bu taslamany ilerletmegiň çäklerindäki indiki gepleşikleriň Gyrgyz Respublikasynda geçiriljekdigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň