Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi amaly mehanika boýunça halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar

09:3921.03.2022
0
7199

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty nazary mehanika boýunça I Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirer. Institut ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny oňa gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berdi.

Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar olimpiada gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň resmi dili türkmen, rus we iňlis dilleri bolar. Bäsleşik şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Bu iki ugur boýunça her bir ýokary okuw mekdepden 5 talyp gatnaşyp biler.

Şahsy olimpiada gatnaşýanlara nazary mehanikanyň üç bölümi boýunça sekiz mesele, şol sanda, statika bölümi boýunça iki, kinematika bölümi boýunça iki, dinamika bölümi boýunça bolsa dört mesele hödürlener. Bäsdeşler 240 minudyň (4 sagadyň) dowamynda bu meseleleriň hötdesinden gelmelidirler.

Talyp toparlary üçin guramaçylar nazary mehanikanyň bölümleri boýunça bäş mesele taýýarlapdyrlar, olary çözmäge 60 minut wagt berler.

Şahsy we toparlaýyn olimpiadalaryň tabşyryklary olimpiadanyň geçiriljek güni institutyň resmi web-saýtynda ýerleşdiriler. Şol ýerde-de Ýaryşlar bölüminde olimpiada gatnaşmak isleýänler üçin bellige alyş hyzmaty açylandyr. Arzalar şu ýylyň 30-njy apreline çenli kabul ediler.

Olimpiada şu ýylyň maý aýynyň 10-yndan 14-ine çenli aralykda geçiriler. Olimpiadanyň jemleýji güni nazary mehanikany iň gowy bilýänleriň atlary yglan ediler we olar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy hem toparlaýyn ýaryşlaryň netijeleri boýunça gazanylan utuklaryň mukdaryna görä kesgitlener. Olimpiadanyň geçirilişiniň açyk we aç-açan bolmagy, gatnaşýanlara adalatly baha berilmegi üçin, Google Meet programma üpjünçiligi platformasynda ýaryşlaryň gidişine gözegçilik üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň