Aýdymçy Jonni Hollideýiň motosikli 470 müň ýewro satyldy

16:5020.03.2022
0
2426

Adyny gizlin saklamak islän müşderi meşhur fransuz aýdymçysy Jonni Hollideýe (1943-2017) degişli bolan “Loranyň gözleri” diýen motosikleti 500 müň ýewro golaý nyrha satyn aldy, bu barada France Info radioýaýlymy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Merhum aýdymçynyň Harley-Davidson motosikli retroawtoulaglaryň Pariždäki salonynda söwdalaşyga çykaryldy.

Harley-Davidson aýdymça iri ses ýazyjy Universal Music kompaniýasynyň ýolbaşçysy Paskal Negre tarapyndan sowgat berlipdir. Motosikle Hollideý gyzynyň hormatyna Lora diýip at beripdir we ony “I Can't Stop Wanting You” diýen meşhur şekilli aýdymynyň surata düşürilýän wagtynda peýdalanypdyr.

Hakyky ady Žan-Filipp Leo Smit bolan rok aýdymçysy Jon Hollideý 74 ýaşynda 2017-nji ýylyň başynda aradan çydy. Ony soňky ýoluna motosikletçileriň 700-si ugratdy.

Hollideý dünýä ýurtlaryna aýlanyp, 400-den gowrak konsert berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň