Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzüler

23:5319.03.2022
0
27812

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de «Ministrler Kabineti hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi.

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti şu gün resmi taýdan öz wezipesine girişdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň