Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

12:4519.03.2022
0
34303

Şu gün Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul edip, wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, agzalary we deputatlary, Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň jemgyýetçilik köpçüligi gatnaşdy.

Dabaranyň başynda Aýratyn hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany getirdiler.

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow saýlawlar boýunça ses bermegiň jemlerini yglan etdi. Bellenilişi ýaly ýaly, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köp bölegini, has takygy, 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti münbere baryp, sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Watana we halka dabaraly kasam etdi.

Soňra döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasy gowşuryldy. Welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny uly hormat bilen gowşurdylar we ähli halkymyzyň adyndan mähirli gutladylar.

Dabarada mährem eneler ak ýol arzuwlamagyň nyşany hökmünde ak keçe ýazyp, duz-çörekli, ýagşy dilegler etdiler.

Şu günki dabara ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow taryhy söz sözläp, saýlawlara agzybirlik bilen işjeň gatnaşyp, özi üçin seslerini beren saýlawçylaryň ählisine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de özüne bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli gujur-gaýra­tyny, bilimini, tejribesini we ba­şarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Türkmen döwletiniň Baştuta­ny­nyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşy­lan­dy.

Soňra dabaraly ýöriş sazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we mukaddes Gurhan alnyp gidildi.

Türkmenistanyň Prezidenti halk köpçüliginiň uly dabara we şowhun bilen ugratmagynda «Oguz han» köşkler toplumyna ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň