Russiýa Türkmenistanyň we Keniýanyň raýatlary üçin koronawirus sebäpli giriş çäklendirmelerini ýatyrdy. Ýurduň premýer-ministri Mihail Mişustin 17-nji martda bu barada degişli resminama gol çekdi. Resminama kanuny maglumatlaryň internet portalynda paýlaşyldy.
COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň çäginde Russiýa 2020-nji ýylyň mart aýynda daşary ýurt raýatlaryna serhetlerini ýapdy. Awgust aýyndan bäri Russiýa çäklendirmeleri bölekleýin ýatyryp başlady.
Federal Howa ulagy gullugynyň Türkmenistana we başga ýedi ýurda gatnaw çäklendirmelerini ýatyrandygyny ýatladýarys. Häzir bu iki döwletiň arasynda diňe ýörite uçuşlar guralýar.