Saud Arabystanynyň Patyşasy Serdar Berdimuhamedowa gutlag ýollady

17:1817.03.2022
0
5269
Saud Arabystanynyň Patyşasy Serdar Berdimuhamedowa gutlag ýollady
surat: ria.ru

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Saud Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada Saud Arabystanynyň internet gazeti habar berýär.

Patyşa Salman ben Abdel Aziz Al Saud Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine jogapkärli döwlet wezipesinde üstünlik gazanmagy arzuw edýär. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti döwründe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, dünýä halklarynyň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyna şahsy goşandyny goşjakdygyna umyt bildirýär. Şeýle arzuwlara Patyşanyň ogly Şazada Muhammet ibn Salman hem goşulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň