Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi

16:1717.03.2022
0
6895

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Kliniki ordinatura hakyndaky Düzgünnama» laýyklykda, Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-kliniki merkezleriniň kliniki ordinaturalaryna azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem-de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen, bäsleşik esasynda kabul edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna arza, şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

  • ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen Ykrar şahadatnamasynyň nusgalaryny);
  • işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
  • 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
  • 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;
  • zähmet depderçesiniň nusgasy.

Kliniki ordinatura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomyny (daşary ýurtda bilim alanlar diplomyny we onuň deň derejelidigi hakyndaky Ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezmeli.

Gerekli resminamalar, şeýle-de klinika ordinatura kabul edýän lukmançylyk edaralarynyň sanawy, şeýle-de hünärler bilen baglanyşykly anyk maglumatlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň