Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2022: «Sogdiana» «Altyn asyryň» topardaşy boldy

23:3515.03.2022
0
4617

Özbegistanyň «Sogdiana» futbol topary şu ýyl taryhynda ilkinji gezek ýaryşa gatnaşar. Geçen ýyl Özbegistanyň Superligasynda ikinji orny eýelän topar AFK-nyň «E» toparçasynyň agzasy boldy.

Topar bu hukugy Garşy şäheriniň «Nasafynyň» şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda «Baniýasy» (BAE) ýeňmeginden soň gazandy.

AFK-nyň kubogynda «E» toparçanyň duşuşyklary 24 ― 30-njy iýun aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Onda Özbegistanyň Jizzah şäheriniň «Sogdianasy» bilen Aşgabadyň «Altyn asyryndan» başga-da, Täjigistanyň SSKA, Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparlary bäsleşer.

«Sogdiana» futbol topary Özbegistanyň Jizzah şäherine wekilçilik edýär. «Möjekler» diýlen lakamy göterýän topar 1970-nji ýylda döredildi. Ozalky Soýuzyň çäginde toparyň gazanan iň uly üstünligi 1979-njy ýylda Ikinji liganyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýeňijisi bolmagydyr. «Sodiana» Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji möwsüminde (1992-nji ýyl) garaşylmadyk ýagdaýda bürünç medalyň eýesi boldy. Topar taryhynda Özbegistanyň ikinji dwizionynyň ― Proliganyň üç gezek çempiony bolup, iki gezek hem ýurduň Kubogyny gazandy. Geçen ýyl bolsa «Sogdiana» Superligany ikinji orunda tamamlady. «Sogdiana» dürli ýyllarda «Jizzah», «Trud», «Irrigator», «Buston» ýaly atlary göterdi. Onuň häzirki ady 1990-njy ýyldan bäri saklanyp gelýär. «Sodianada» dürli ýyllarda Daýangylyç Urazow, Arslanmyrat Amanow ýaly türkmenistanly futbolçylar hem çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň