Turkmenportal logo
10.03.22
69116911
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary gününde medeni çäreler geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary gününde medeni çäreler geçiriler

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar gününde ähli saýlaw uçastoklarynda meşhur aýdymçylaryň, bagşy-sazandalarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu barada şu geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa türkmen Liderine beren hasabatynda belläp geçdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda, saýlaw güni ähli saýlaw uçastoklarynda aýdym-saz çykyşlarynyň we beýleki medeni çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi, dabaralara gatnaşýan halkara synçylary halkyň medeni mirasy bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.


Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary güni uly baýramçylyga öwrülmelidir.