Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Demokratik partiýa tarapyndan görkezilen dalaşgäriň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy

14:4005.03.2022
0
7269

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde iň ýokary döwlet wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygy dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor, TDP-niň Syýasy geňeşiniň agzasy A.Burunow açdy.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, kanun çykaryjylyk ulgamynda, daşary syýasat edarasynda uly iş tejribesini hem-de ýokary hünär derejesini, guramaçylyk-dolandyryş işindäki başarnyklaryny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, halkymyzyň rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.

Şu ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» berkidilen netijeli strategiýanyň ýurdumyzyň köpugurly kuwwaty bilen birlikde amala aşyrylmagy döwlet hem-de dünýä ähmiýetli wezipeleri çözmäge ýardam berer. Şunda uzak möhletleýin durnukly ösüşi üpjün edýän, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek özgertmeleriň esasyny düzer.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda daşary ýurtlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyny belledi.

Maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berler. Daşary ýurt maýa goýumlaryny türkmen ykdysadyýetine çekmek maksady bilen, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek işi yzygiderli dowam etdiriler.

Serdar Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajypdygy barada aýdyp, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin anyk ädimleriň ädiljekdigini nygtady. Milli hem-de sebit ähmiýetli demir we awtomobil ýollarynyň, howa, deňiz hem-de derýa ulaglarynyň, telekommunikasiýalaryň döwrebap ulgamlarynyň kemala getirilmegine, içerki we halkara gatnawlaryň täze ugurlarynyň açylmagyna uly üns berler.

Ak mermerli Aşgabady ösdürmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täzeçil konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi esasy meýilleşdirilýän işleriň hatarynda görkezildi. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilmeginde, täze ýaşaýyş toplumlarynyň hem-de döwrebap düzümleýin desgalaryň gurluşygynda, köçeleriň we binalaryň durky täzelenende, öňdebaryjy tejribäniň, ylmyň soňky gazananlarynyň ulanylmagyna, ýokary hiliň üpjün edilmegine üns berler.

Duşuşygyň dowamynda dalaşgär sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim ulgamlaryny ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek bilen bagly sowallara jogap berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara üns berendikleri üçin hoşallyk bildirip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň