Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«20th Century Fox» Agata Kristiniň romany esasynda ýene bir filmi surata düşürer

16:3005.03.2022
0
3387

«20th Century Fox» kinostudiýasy detektiw eserleriň tanymal ýazyjysy Agata Kristiniň romanlary esasynda üçünji filmini surata düşürmegi meýilleşdirýär. Kinostudiýanyň ýolbaşçysy Stiw Esbelliň bellemegine görä, täze filmde belgiýaly detektiw Erkýul Puaronyň keşbinde Kennet Brana çykyş eder. Şeýle-de Brana bu filmde diňe bir esasy gahryman bolman, eýsem režissýor hökmünde hem filmiň guramaçylygyny alyp barar diýlip bellenilýär.

Kinostudiýanyň ýakyn geljekde tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan garşy alynjak täze filminiň esasynda ýazyjynyň haýsy eseriniň sýužetleriniň boljakdygy häzirlikçe nämälimligine galýar. Bu barada Esbell täze film meşhur gahryman dogrusynda söz açýan eserleriň heniz kän bir belli bolmadyk romanlaryndan biri bolar diýip belläp geçýär.

Mundan başga-da, kinonews.ru saýtynyň habar berşi ýaly, täze film ozalky iki surata düşürilen filmden äheňi taýdan tapawutly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň