Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümleriniň bolelinligine we nyrhlaryň derejesine gözegçiligiň zerurdygyny nygtady

23:1604.03.2022
0
8855

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa ýüzlenip, ilatymyzyň harytlary we azyk önümlerini näçe gerek bolsa satyn almagy üçin, bazarlaryň hem-de dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün edilmeginiň, nyrhlaryň derejesine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Milletiň Lideri wise-premýere beýleki ýolbaşçylar bilen bilelikde harytlaryň eksportynyň we importynyň ýagdaýyny seljermegi, ýurdumyzda näme öndürip boljakdygyny anyklap, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmagyň çärelerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bu işlerde telekeçilere aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Söwda teklipleriniň ulgamynyň giňeldilmegi hem-de dünýäde bäsdeşlige ukyply, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan täze önümleri öndürmegi özleşdirmek hem möhümdir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, döwletimiziň telekeçileri hemmetaraplaýyn goldaýandygyny we geljekde hem goldajakdygyny nygtady.

Kiçi we orta telekeçilik söwda ulgamyny ösdürmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň esasyna öwrüldi. Ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmäge şert döretdi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri wise-premýere bu ugurda bellenen işleri çaltrak amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň