Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň eks-prezidenti baradaky kada-kanunlar boýunça iş alyp barmagy tabşyrdy

23:0002.03.2022
0
10678

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow ýurdumyzyň Konstitusiýasynda eks-prezident barada ýörite kada-kanunlaryň bardygyny belläp hem-de şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy hökmünde Konstitusiýanyň maddalary esasynda amala aşyrylmaly işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy bu tabşyryklary zerur derejede ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigine milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň