1-nji martda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilip, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda jemlenýän bu bäsleşige Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan dürli kärde zähmet çekýän ukyp-başarnykly, guramaçy zenanlar gatnaşdylar. Jemgyýetde alyp barýan işlerine degişlilikde, ýerlerde geçirilen deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan zenanlaryň arasyndan döwlet tapgyrynda 7 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň giň eýwanynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda
― «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäheriniň 83-nji çagalar bagynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Gülnara Kulbaýewa «Ýylyň işewür zenany»,
― «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Pürenowa «Ýylyň çeper elli zenany»,
― «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugurda Aşgabat şäherinden, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikleri utgaşdyryjy bölüminiň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy Gülşirin Hanowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»,
― «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, köp çagaly ene Aýbölek Baýramowa «Ýylyň mährem zenany»,
― «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky harby bölümiň komendant rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Gülistan Şerapowa «Ýylyň watançy zenany»,
― «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Sähra geňeşliginiň kärendeçisi Göwher Hojaýewa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»,
― «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurbangül Annamuhammedowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular hem-de olar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.