Soňky habarlar

Arhiw

Pişijek Braziliýada adwokat edarasynyň iş dolandyryjylygyna bellendi

11:0026.02.2022
0
3382

Öýsüz pişijek Braziliýada adwokat edarasynyň iş dolandyryjysy wezipesine bellendi, bu barada ýerli «Globo» teleýaýlymy habar berdi.

Lion diýlip at dakylan pişik çagasy köplenç ýagyndyr çabgadan kompaniýanyň edarasynda halas bolupdyr. Şonda-da, edaranyň işgärleri bu çal pişijege hemişelik gaçybatalga bermek üçin ony iş dolandyryjy wezipesine bellemek kararyna gelipdirler.

Indi Lion aklawjylaryň edarasyna gelýän müşderileri gapynyň agzynda garşy alýar, netijede, bu kompaniýanyň abraýy hem artyp, müşderileri-de günsaýyn köpelmek bilen.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň aýagynda Ekwadorda pişijekler üçin bakja-bag hem açypdylar, hatda ol ýerini Ýaş pişikleriň hakyky akademiýasyna öwürmek barada hem kelle döwýärler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň