Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa fewral aýynda Türkmenistandan üçünji ýörite uçuşy amala aşyrdy

12:5025.02.2022
0
7255

Şu gün Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan 37-nji ýörite uçuşy gurady. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň metbugat gullugynda habar berilýär.

Türkmenabadyň halkara howa menzilinden «Sibir» howaýollarynyň guran uçuşy 170 ýolagçy bilen Moskwanyň Domodedowo howa menziline tarap ugur aldy.

Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek. Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan Moskwa orta hasap bilen aýda iki gezek ýörite uçar gatnawyny guraýar. Şeýle uçuş iň soňky gezek 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň