Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýa Türkmenistan we Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

16:4724.02.2022
0
8384
Fransiýa Türkmenistan we Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
Surat: trend.az

Fransuz kärhanalarynyň hereketi (MEDEF International), şähergurluşyk, infrastruktura we jemagat hojalygy ugurlarynda Türkmenistan we Gazagystan bilen hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutulýan wezipe hasaplaýar.

Bu barada MEDEF-iň baş iş dolandyryjysy Bogdan Gadenn-Firçaga salgylanmak bilen, «Trend» habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, fransuz işewür toparlaryny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhy baglanyşdyrýar.

MEDEF-iň Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäklerindäki meýilleşdirýän taslamalarynyň sanawynda şähergurluşyk, infrastruktura we jemagat hojalygy ýaly ugurlar bar.

Şeýle-de, Bogdan Gadenn-Firçak tarapyndan energetika, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary hem aýratyn bellenilip geçildi.

Ýeri gelende, geçen ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi we «MEDEF Internationalyň» arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigini hem bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň