Türkmen telekeçileri Fransiýanyň “MEDEF International” assosiasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

12:4724.02.2021
0
9267

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Döwran Hudaýberdiýew we Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasynyň direktory Filipp Gautier wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar berşine görä, taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşmagynda Aşgabatda ýa-da Parižde bilelikdäki işewürlik forumyny guramagy ylalaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşigiň jemlerinde Döwran Hudaýberdiýew we Filip Gautier TSTB bilen “MEDEF International” assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Gol çekilen resminama fransuz işewürler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iri daşary ýurtly, esasanam fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ykdysady gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Fransuz hususy pudagyna halkara derejesinde wekilçilik edýän “MEDEF International” 1989-njy ýylda döredilip, ol döwlete dahylsyz guramadyr. MEDEF ähli ugurlara degişli 800 müň kompaniýany birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň