Dünýäde iň gadymy dolandyryjy nesilşalygyň wekiliniň 62 ýaşy doldy, düýn Ýaponiýada imperator Naruhitonyň 62 ýaşy baýram edildi. Onuň döwründe ýurduň taryhynda «ajaýyp sazlaşyk» diýen manyny aňladýan «Reýwa» eýýamy başlandy.
Köpçülikde seýrek duşýan imperator kortežini ýaponlar elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar, Naruhitony halk diýseň söýýär.
Naruhito tagta 59 ýaşynda, kakasy Akihito tagtdan ýüz öwreninden soňra çykdy. Akihito ýurdy 30 ýyl dolandyrdy.
Imperator Oksfordda okap, derýa ulaglary we suw gorlary meselelerini öwrendi. Onuň aýaly Masaki çagalygyny Moskwada geçirdi, Garwardda okap, diplomat hünärini ele aldy. Olaryň bir gyzy dünýä indi.
Ýeri gelende aýtsak, her bir imperatorlyk döwrüniň öz şygary bar, Naruhitonyň tagt başyna gelmegi bilen, Ýaponiýada Heýseý eýýamy — «parahatçylygyň ýola goýulmagy» döwri tamamlanyp, «Ajaýyp sazlaşyk» eýýamy başlandy.
Ikinji jahan urşundan bäri ýapon hökümdarlary döwletiň syýasatyna goşulmaýarlar, imperatoryň ygtyýaryna Mejlisi çagyrmak we goýbermek, sylaglamak we milli hem-de resmi dabaralara gatnaşmak girýär.
Bu barada «Mir 24» teleýaýlymy habar berýär.