Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

12:3524.02.2022
0
5363

2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň üçünji saýlama tapgyry üçin çekilen bijelerde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen «E» toparçany emele getirdi. Bu toparçanyň duşuşyklary Malaýziýada geçiriler.

Bije çekişlik dabarasy şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ― Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň merkezi edarasynda onlaýn görnüşinde geçirildi.

Bije çekişligiň netijesinde jemi 6 toparçanyň düzülendigini hem aýtmak gerek. Olaryň ýeňijileri we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy bäşisi ― jemi 11 ýygyndy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Duşuşyklar şu ýylyň 8, 11 we 14-nji iýuny günlerinde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna geljek ýyyň 16-njy iýunynda badalga berler. Ol Hytaýyň 10 şäherinde: Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou şäherlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň