2022-nji ýylyň 15 — 23-nji fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan onlaýn görnüşde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça 18-nji halkara Žautykow bäsleşigi geçirildi. Oňa 21 döwletden okuwçylaryň 1 müň 178-si gatnaşyp, olaryň 520-si matematika, 340-sy fizika, 318-si bolsa informatika dersleri boýunça bäsleşdiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Özbegistandan, Ermenistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan, Rumyniýadan, Bolgariýadan, Serbiýadan, Norwegiýadan, Türkiýeden zehinli mekdep okuwçylary bar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu halkara bäsleşige Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdeplerinden saýlanan 8 toparda jemi 22 okuwçy gatnaşyp, olara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, matematika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kerimguly Bendow hem-de informatika dersi boýunça şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurbanberdi Gulladyýew bürünç medallara mynasyp boldular.
23-nji fewralda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dabara geçirilip, onda çykyş edenler bu halkara bäsleşikde ýeňiji bolan zehinli okuwçylary gazanan üstünlikleri bilen gutladylar