Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde täze onlaýn market işläp başlady

15:1722.02.2022
0
2744

Şu gün Türkmenabat şäherinde täze onlaýn market işläp başlady. Telekeçi Alym Joraýew tarapyndan açylan market «Sebet» diýlip atlandyrylýar. Bu telekeçiniň «Her gün» haryt nyşanly önümleri tutuş ýurdumyzda meşhurdyr.

― Onlaýn marketiň düýbi, aslynda, geçen ýylyň awgust aýynda tutuldy. Şondan bäri ony synag tapgyrlarynyň birnäçesinden geçirdik. Owadan günde ― 22.02.2022-de bolsa ony resmi taýdan işe girizdik ― diýip, hususyýetçi gürrüň berýär.

«Sebet» onlaýn marketi, häzirlikçe, diňe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Täze hyzmatyň höweslendiriş çäreleri ilkinji günlerde onuň müşderilerini hem artdyrdy. Şeýle çäreleriň hatarynda ilkinji 500 müşderä «Choco Love» süýjüsiniň 500 gramynyň sowgat berilmegini, 150 manatlyk söwda eden müşderilere bolsa satyn alan harytlary mugt eltilip berilýär.

Täze hyzmatyň ilkinji günlerinde azyk önümleri we tämizlik serişdeleri eltilip berilýär. Olaryň bahalarynyň elýeterlidigini hem aýtmak gerek. Ýumurtga, et ýaly gündelik ulanylýan azyk önümleri bolsa bazar bahasyndan hem ep-esli arzan.

«Sebet» onlaýn marketiniň hyzmatlarynyň gerimi geljekde has hem giňeldiler. Ýakyn wagtlarda Türkmenabada goňşy etraplara, biraz soňrak bolsa tutuş welaýata hyzmat etmek meýilleşdirilýär. Ilkinji müşderiler «Sebediň» hyzmatlaryndan hoşal.

«Sebet» onlaýn marketini «Play marketden» we «App Storeden» telefonlarymyza mugt ýükläp alyp bolýar. Şeýle hem «sebet.online» web saýty ugurdaş hyzmatlary berýär. «Sebede» agza bolmak arkaly ähli hyzmatlaryndan peýdalanyp bolar. Müşderileriň isleglerini çalt ýerine ýetirmek we ýokary hilli önümleri öýüne çenli getirip bermek «Sebediň» hünärmenleriniň esasy maksady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň