Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýyl COVID-19 sanjymy bolmadyk syýahatçylara ýurda gelmäge rugsat berdi

15:5921.02.2022
0
4172
Ysraýyl COVID-19 sanjymy bolmadyk syýahatçylara ýurda gelmäge rugsat berdi
Surat: AP Photo / Dan Balilty

Ysraýyl 1-nji martdan başlap koronawirus sanjymy bolmadyk syýahatçylara ýurda gelmek mümkinçiligini berdi. Bu barada ýurduň premýer ministriniň aýdanlaryna salgylanyp, RIA Nowosti web sahypasynda habar berilýär. Habara görä, sanjym edilen we sanjym edilmedik islendik ýaşdaky syýahatçylara kesel anyklaýyş iki barlagdan geçseler, Ysraýyla gelip biljekdigi, bu barlaglaryň uçara münmezden ozal we gonulandan soň edilmelidigi aýdylýar.

2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň noýabr aýyna çenli daşary ýurtly syýahatçylar üçin serhetlerini ýapan Ysraýyl ýanwar aýynda sanjym etmek we syýahatçylary getirmek üçin serhetlerini açdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň