Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept»: Elektrokaminler öýüňize ýylylyk berer

13:2020.02.2022
0
4904

Kamin peçlerine köpimiz öýüň ýylylygyny we oňaýlylygyny döredýän bezeg hökmünde garaýarys. Emma adaty kamini her bir öýde gurnamak mümkinem däl. Hut şonuň üçin-de, onuň ornuny öýe göwnejaý ýylylyk berýän ajaýyp elektrokamin tutup biler.

Bu elektrik peçleriň kuwwatlylygy ortaça 2 kWt bolup, onuň berýän ýylylygy 20 inedördül metr meýdanly otagy ýylatmak üçin ýeterlikdir. Esasan-da, ony islendik adam öýde ýerleşdirjek ýerine laýyklykda ýeňillik bilen gurnap biler. Şeýle-de, bu peçler diňe bir ýylylyk bermek bilen çäklenmän, 100 Wt energiýadan köp sarp etmezden diňe oduň täsin şekillerini-de görkezip biler.

Elektrik usulda işleýän bu hili kamin peçleriniň dürli ölçegdäki we islendik döwrebap bezegdäki görnüşlerini «Bossan Concept» dükanlaryndan tapyp bilersiňiz. Bu ýerde kiçi otaglar üçin, şeýle-de, giň myhman otaglaryna niýetlenen, agaçdan we metaldan ýasalan elektrokaminleriň köp sanly görnüşleri alyjylara ýetirilýär. Olar öýüňiziň mebelleri we aksessuarlary bilen bitewi sazlaşygy emele getirer.

«Bossan Concept» dükanynyň hünärmenleri islegiňize görä stil we dizaýn aýratynlygy bolan kaminleri saýlamaga ýardam eder.

«Bossan Concept» dükanynyň salgylary:

  • Instagram hasaplary: @bossan_concept; @bossan_flora; @bossan_outdoor_tm; @bossan_coffee_garden;
  • Telefon belgileri: 415554, 726060;
  • Salgysy: Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň