Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji tapgyryna ak pata berdi

23:1017.02.2022
0
7679
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji tapgyryna ak pata berdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde ýol gurluşygynda ulanylýan kuwwatly tehnikalar görkezildi.

Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap gurluşyk tehnikalary hatara düzüldi. Şol tehnikalar soňky ýyllarda ýol-ulag düzüminiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Ýol gurluşygynda işleýän hünärmen bu ýerde görkezilýän tehnikalaryň hatarynda demrikdirýän, buldozerleriň, ýer gazýan tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň dürli görnüşleriniň goýlandygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi barada aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikalaryň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň netijeli ulanylmagynyň alnyp barylýan işleriň kada laýyk derejede ýola goýulmagyny we gurluşyklaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite satyn alnan tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary we olaryň ulanyş häsiýetleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde görkezilýän dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary häzirki zaman ýol gurluşygynda ulanylýan tehnikalaryň täze nesline degişlidir. Şeýle hem olar tygşytlylyk we ekologiýa babatda öňdäki hatarda durýar. Olarda ornaşdyrylan ýörite ulgam özünde awtomatik usulda ölçeýjileri hem-de gözegçiligi jemleýär.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, döwrebap ýol gurluşyk tehnikasynyň ulanylmagy, işgärleriniň hünär derejesi, desgalarda zähmeti guramaga sowatly çemeleşilmegi meýilleşdirilen işleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynda işleýän ýol gurluşykçylaryň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş boldy. Bu ýerde hünärmenler öndürijilikli işlemek we dynç almak babatda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti işçileriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra milletiň Lideri ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginde asfalt örtügini düşemek işlerine girişmäge ak pata berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýerde täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina edilýän desgalar, awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümler barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 203 kilometr bolan birinji tapgyrynyň geçýän ugrunyň, onda döredilen durmuş maksatly desgalaryň, kiçi töleg terminallarynyň we hyzmat ediş bölümleriniň taslamalary barada hasabat berdiler.

Bu ýoluň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda ulag gatnawlarynyň möçberleri artdy. Munuň özi ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýan edýär.

Ýoluň ugrunda durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ulaglaryna tehniki taýdan hyzmat edýän zolaklaryň, kiçi töleg terminallarynyň birnäçesi gurlar. Şeýle hem onuň ugrunda haýwanlaryň geçmegi üçin niýetlenen ýerasty geçelgeler göz öňünde tutular. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrar.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň demir ýoluň üstünden geçýän geçelgeleriniň görnüşleri, sil suwlary üçin niýetlenen ötükler, şeýle hem Mary welaýatynyň çäklerinde Garagum derýasynyň üstünden guruljak köprüleriň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleri dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün ediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalaryň hem-de çyzgylaryň her biri bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň