Turkmenportal logo
17.02.22
1295512955
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri bilen Prezident saýlawlary boýunça gepleşik geçirildi
BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri bilen Prezident saýlawlary boýunça gepleşik geçirildi

17-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Filipp Saprykin gatnaşdylar.


Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alyp barýan özara hereketleriniň netijeliligini bellemek bilen, durmuş-ykdysady ugurly häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler.


Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gazanylan taryhy çözgütler, şonuň ýaly-da 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugruny düzdi.