Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi

13:3116.02.2022
0
4480

Şu gün Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutana ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn daşary syýasat ýörelgesiniň, onuň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilmeginiň köp babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kesgitländigi aýratyn nygtaldy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baş edarasynyň Aşgabatda açylmagy hem-de türkmen paýtagtynda halkara ähmiýetli bilelikdäki wekilçilikli maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi bildirilýän uly ynamyň hem-de hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen Lideri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasat strategiýamyzyň ileri tutulýan ugrudyr.

Duşuşygyň dowamynda 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, sanlylaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, adam hukuklary hem-de ençeme beýleki meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarylandygy bellenildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili pursatdan peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny geljek 30 ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekili Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ep-esli derejede ösen depginini kanagatlanma bilen nygtap, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi. Dürli ulgamlarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany türkmen tarapynyň Owganystandaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmak, dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly adamzadyň möhüm meselelerine gönüden-göni degişli bolan başlangyçlaryny BMG-niň hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň abraýly guramanyň degişli edaralary we düzümleýin bölümleri bilen ýakyndan gatnaşyk edip, halkara durmuşyň ählumumy gün tertibi boýunça aç-açan pikir alyşmaga mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkärli hem-de möhüm işinde Narine Saakýana üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň geljekde has-da işjeň dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili päk niýet bilen ak ýol arzuw edendigi üçin hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan barha berkitmek hem-de ony ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine döwlet Baştutany ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň