GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etjek ýörite topara döredýär.
Ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow GDA-nyň synçylarynyň Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmäge taýýarlanýandyklaryny, ýakyn wagtda ýörite çakylyklaryň gelip gowuşjakdygyny aýdýar. Bu barada BelTA habarlar gullugy habar berýär.
Anfimow:
– Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýakynda geçirilen mejlisinde saýlawlara gözegçilik etmek üçin milli we halkara hünärmenlerinden ybarat bolan synçylaryň gatnaşjakdygyny habar berdi – diýip belleýär.
«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, 14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi. Dalaşgär 15-nji fewralda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary tarapyndan bellige alyndy, şeýle hem oňa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.
15-nji fewralda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesine laýyklykda, Agrar partiýadan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde dalaşgärlige hödürlenildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek bellenildi.
Şeýle-de okaň!