Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» isleg bildirýänleriň ählisi ertirlik naharyna çagyrýar

17:0516.02.2022
0
5593

25-nji fewralda geçiriljek bu çärä ýörite çagyrylan myhman Lýuk Bekker «Işewür perişdeler kimler we näme üçin geljekki nesle maýa goýmaly?» diýen tema boýunça seljerme geçirer. Lýuk 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistandaky CIFAL Groupe wekilhanasynyň müdiri bolup işleýär. Ol bu wezipede iri fransuz kompaniýalaryna ýardam berýär, Türkmenistanyň döwlet we hususy pudaklary bilen hyzmatdaşlyk edýär we ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin degişli işleri alyp barýar.

Şeýle-de, çäräniň dowamynda Jemile Kerimowa köpçüligi özüniň esaslandyran «Işewürlik Nokady» atly täze taslamasy bilen tanyşdyrar.

Işewürlik ertirlik naharyna isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler. Duşuşygyň dowamynda öz işiňize bolan garaýşyňyzy özgerdip, täze pikirlere eýe bolup bilersiňiz, şeýle-de, derwaýys sowallara jogap alarsyňyz. Täze hyzmatdaşlar bilen tanşyp, geljekki işleriňiz üçin güýçli itergi alarsyňyz.

Çäräniň başlanýan wagty: 11:00.

Geçirilýän ýeri: Golf kluby, 1-nji gat, «Oazis» restorany.

Gatnaşmak üçin töleg nyrhy: 300 manat.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312468165.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň