Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýazlyk soganyň we ýeralmanyň ekiljek ýerleri artdyrylýar

14:1016.02.2022
0
6473

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurduň welaýatlarynda ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, şu güne çenli ekiş geçiriljek meýdanlaryň 82,5 göteriminde sürüm işleri ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem ak ekinleriň ösüş döwrüne laýyklykda, ideg işleri, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda şu ýyl Türkmenistan boýunça jemi 10 müň gektar meýdana ýazlyk soganyň ekiljekdigini, şu güne çenli bu ugurda bellenen meýilnamalaryň 60,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şeýle hem şu ýyl jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Umuman, 2022-nji ýylda ýeralma we gök-bakja ekinleri 106 müň gektara ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berilýändigini, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ähli oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, möwsümleýin işleriň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň