Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Kubogy — 2022-niň (U-23) bijeleriniň çekiljek senesi belli boldy

14:1016.02.2022
0
3532

Futbol boýunça Aziýanyň 23 ýaşa çenli milli ýygyndylarynyň arasynda Özbegistanda geçiriljek kubok ýaryşynyň bijeleriniň çekiljek wagty mälim boldy. Ol 17-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlanar. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Bu kubok ýaryşynda ilkini gezek çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy (U-23) dördünji gutuda bolup, häzirlikçe final tapgyrynda onuň diňe Malaýziýanyň, Kuweýtiň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen bir toparçada çykyş etmejekdigi anykdyr.

Ýeri gelende, Aziýanyň Kubogy — 2022-niň (U23) final tapgyrynyň duşuşyklaryny AFK-nyň senenamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1—19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçirmegiň meýilleşdirilendigini bellemeli. Bu ýaryş Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýär. Onda 32 duşuşygyň ählisi Daşkent hem-de Karşi şäherlerinde bolar.

Bijeleriň netijelerine laýyklykda, dört topardan ybarat bolan dört toparça düzüler. Çärýek final tapgyryna bolsa her toparçadan iki topar gatnaşar. Final tapgyrynyň netijeleri boýunça has tapawutlanan üç milli ýygyndy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Aziýanyň wekili hökmünde çykyş etmäge hukuk gazanar.

Aziýanyň Kubogy — 2022-niň (U-23) bijeleriniň çekiljek gutulary:

1-nji guty: Özbegistan, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany, Awstraliýa;

2-nji guty: Iordaniýa, Taýland, BAE, Eýran;

3-nji guty: Yrak, Katar, Wýetnam, Ýaponiýa;

4-nji guty: Täjigistan, Malaýziýa, Kuweýt, Türkmenistan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň