Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.
Türkmen diplomaty Batyr Niýazliýew bilen Moskwa şäheriniň meriniň orunbasary Maksim Liksutow geçirilen duşuşygyň barşynda öňden bar bolan baý dessurlaryň hem-de geçen ýyllaryň dowamynda toplanylan tejribeleriň esasynda Türkmenistan bilen Moskwanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýedigini buýsanç bilen bellediler. Aýratyn hem, ýerüsti ulag infrastrukturasy, häzirki zaman şäher toplumlarynyň we «akylly şäherleriň» döredilmegi ýaly ulgamlardaky özara hereketlere aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň ýaly-da, Maksim Liksutowyň nygtaýşy ýaly, ulag howpsuzlygy, ulag duralgalarynyň işjeňleşdirilmegi, uly şäherleriň mümkinçiliklerinde ulaglary dolandyrmagyň elektron ulgamlarynyň girizilmegi ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn şertler bar.
Mundan başga-da, anyk gepleşikleriň geçirilmegi üçin Moskwanyň hökümetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guramaçylygynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Rus tarapy ulgamlaýyn we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi hökmünde saparyň barşynda Aşgabat-siti taslamasynyň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, ulag infrastrukturasynyň kemala getirilmegi, türkmen oba hojalyk önümleriniň Moskwa eksport edilmegi üçin «ýaşyl geçelgeleriň» döredilmegi, Türkmenistanyň we Moskwanyň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik forumynyň geçirilmegi ýaly meselelere seredilmegini teklip etdi.